Tor Browser ulgamyňyzdan aňsatlyk bilen aýryp bolýar:

Windows-da:

  • Tor Browser papkasyny ýa-da programmany tapyň. Düzgüne görä Iş stoly papkasy ulanylýar.
  • Tor Browser papkasyny ýa-da programmasyny pozuň.
  • Zibil gutusyny boşadyň.

macOS-da:

  • Tor Browser programmany tapyň. Düzgüne görä Programmalar papkasy ulanylýar.
  • Tor Browser programmasyny zibile geçiriň.
  • ~/Library/Application Support/ papkasyna gidiň.
  • Kitaphana papkasy täze macOS wersiýalarynda gizlenendigine üns beriň. Bu papkany açmak üçin Finder-de "Bar" menýusynda "Papka git..." opsiýasyny ulanyň.

Papka menýu opsiýasyna geçiň

  • Soňra penjirede~/Library/Application Support/ i windowsda ýazyň we "Git" düwmesine basyň.

Papka penjiresine geçiň

  • TorBrowser-Data papkasyny tapyň we zibile taşlaň.
  • Zibil gutusyny boşadyň.

Tor Browser deslapky ýerde (Programmalar bukjasy) gurnamadyk bolsaňyz, TorBrowser-Data bukjasy Tor Browser gurmak bukjasynda we ~Library/Kitaphana/Programma goldawy/ bukjasynda däl.

Linux-da:

  • Tor Browser papkasyny tapyň. Linux-da deslapky ýer ýok, ýöne ulanýan Tor Browser iňlis dilinde bolsa, "tor-browser_en-US" atly papka bolmaly.
  • Tor Browser papkasyny pozuň.
  • Zibil gutusyny boşadyň.

Operasiýa ulgamyňyzyň adaty "Aýyrmak" kömekçi programmasynyň ulanylmaýandygyny ýadyňyzdan çykarmaň.